Türkmenistanyň
Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09.2025
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş
saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
“ŞHG+”
formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak “ŞHG+”
formatynyň esasy maksady bolup durýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga
ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HHR-iň
Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp,
çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we
“ŞHG+” formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak,
deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp,
duşuşygyň
netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp
şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe
öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de
çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan ŞHG-ä
we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar.
Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä
gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.
Şu gün guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip - Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş
etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak
ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär.
Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
ŞHG-niň
halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin
şertleri döretmek boýunça
çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň
birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş
edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň - şu
ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge
şat bolarys diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp,
ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan
ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ägirt uly serişde binýady,
geografik taýdan
ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi - bularyň ählisi ykdysady taýdan
ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge,
ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň
hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin
şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we
Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar - Günbatar, Demirgazyk -
Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk
mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň
birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi
diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman,
munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary - Aziýa - Ýuwaş umman
sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz
içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady
giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn
özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw
artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli
goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň
maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn
belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda
bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine
eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy
wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we
önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä
bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak
möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde
garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny
döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza
döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy
mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur
hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä
agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýdyp,
munuň üçin olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi
hem-de bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine ynam
bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga
taýýardygyny tassyklady.
Deňizüsti
ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda
hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu
ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli
gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri
getirer diýip hasaplaýaryn. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap,
köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet
berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir
ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli
başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak
ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri
görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys diýip,
hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki
wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti
bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri
taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň
geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.
Energetika
ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG
döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki
wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny
ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we senagat kooperasiýasyny tagallalary
birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlarymyzyň okgunly
ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän
harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi - bularyň ählisi ykdysady
hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna
gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Men
öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe,
gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden
hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň
binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de,
ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym,
bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe
aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine
berk ynanýarys.
Şu
günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar.
Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa
geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga
ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite
gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň
dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda
ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary
tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny
ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen
baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary
derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy
kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet
Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.
Hormatly
Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi