Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna,
mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09.2025
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri ! Mähriban
talyplar, eziz okuwçylar ! Sizi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we
sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram - Bilimler we talyp ýaşlar
güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden
belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly
seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň,
mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna
berk ynanýaryn.
Bilim ähli
ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik
geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak
geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen
dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda
ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň
yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary
özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze
döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys.
Milli
maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we strategiýalarymyzy üstünlikli durmuşa
geçirip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim
edaralarynyň sanyny artdyrýarys, milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim
işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýarys. Daşary syýasy strategiýamyzyň
möhüm bölegi hökmünde abraýly halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen
halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirip, bilim babatda gazananlarymyzy dünýä
ýaýýarys. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp
sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz
Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary
şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw
binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde
bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň
bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar
edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakda, berkarar
döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ýolundaky maksatlarymyzy durmuşa
geçirmekde mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň uly
paýy bardyr. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan
durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam
etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri
gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady
bolmalydyr.
Ýaşlar
biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Siziň her biriňiz türkmen taryhynda
öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg,
Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we
ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa,
geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary
boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň
döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlaryňyz, oýlap tapyşlaryňyz,
döredijilik eserleriňiz we zähmetiňiz bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly
hyzmat etmelisiňiz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri ! Mugallymlarymyzyň
döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň
gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen
ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen
tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde,
agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim
işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary täze eýýamyň paýhas esasy hem-de terbiýe
mekdebiniň binýadydyr. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň
ýörelgelerine eýerip, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda ýaşlara
berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da
kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmek
her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri ! Mähriban
talyplar, eziz okuwçylar ! Sizi
ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de
2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş,
ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi