İpotekli kredi

Ipoteka karzy

 

 

1.       Karz almak üçin arza (bankda doldurulýar);

2.       Pasportonyň nusgasy; (Karz alyjy we zamunçy üçin)

3.       Surat 3*4. 1 sany;

4.       Maşgala agzalarynyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama (Forma 3);

5.       Nika hakynda şahadatnama we aýalynyň (adamsynyň) pasport nusgasy.

(durmuşa çykmadyk (öýlenmedik) bolsa, RÝNÝE edaradan nikada durmaýandygy barada güwänama);

6.       Iş ýerinden eýeleýän wezipesi, näçe wagtdan bäri işleýändigi, zähmet hakynyň möçberi we tutumlary görkezmek bilen iş ýerinden güwanama. Zähmet hakynyň geçýändigi barada aýlyk kartynyň bankdan 6 aý göçürmesi. (Karz alyjy we zamunçy üçin)

7.       Iş beriji tarapyndan tassyklanan zähmet depderçesiniň nusgasy. (Karz alyjy we zamunçy üçin).

8.       Jaýyň bahasynyň 30% az bolmadyk möçberi hasaba goýmak;

9.       Eger-de karz alyjy telekeçilik işinden girdeji alýan bolsa:

·         Bellige alyş şahadatnamanyň nusgasy, Salgyt hasabyna goýlandygy barada şahadatnama we Patendiniň nusgasy;

·         Soňky 1 hasabat döwrüniň salgyt beýannamasy (DSG tarapyndan kabul edilen);

·         Salgyt gullugy tarapyndan tassyklanan güwänamasynyň göçürmesi;

10.   Girewe goýulýan gozgalmaýan emlägiň (ýaşaýyş jaýynyň) resminamalary (2 nusgada)

·         Tükelleýiş işi (Inwentarnoe delo), şahadatnama, eger ýer jaý bolsa döwletnama

·         Öý kitaby (Domowaýa kniga)

·         Ýaşaýyş jaýyň eýesiniň pasport nusgasy, nika şahadatnamasy we aýalynyň/adamsynyň pasport nusgasy

·         Girewe goýulýan ýaşaýyş jaýyna ýörite Ygtyýarnamaly edaralar tarapyndan baha kesiş netijenamasy. (Bankyň özi ýollaýar)

 

Bellik: -     Ähli resminamalar asyl nusgalary bilen deňeşdirilip kabul edilýär.

-          Banka ähli resminamalary tabşyrmak karz almagy kepillendirmeýär.

-          Zerur halatynda Bank karz alyja habar bermezden resminamalaryň sanawyny üýtgetmäge we goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.

-          Döwlet edarasynda işleýänler we Türkmen-Türk PTB-nyň müşderileri karz üçin ýüz tutyp bilerler.

-          Karz alyjynyň we zamun bolujylaryň azyndan 6 (alty) aý iş tejribesi talap edilýär.