Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
12.12.2025
Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara
Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit
guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç
gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary
syýasat doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň
eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Oňyn Bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşmek
bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň
strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda
durnuklylyga, howpsuzlyga, özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip,
BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Türkmenistan halkara hukugyň
kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen
Bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady
gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Merkezi Aziýada Türkmenistanyň
oňyn Bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti
bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys
meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, netijeli dialog
ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Ykdysady diplomatiýa ýurdumyzyň Bitaraplygynyň wajyp bölegi bolup durýar.
Türkmenistan halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, multimodal üstaşyr
ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Bitaraplyk
syýasatynyň çuňňur ynsanperwer mazmuny hem bar. Bitarap döwlet hökmünde
Türkmenistan ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirip, halkara
guramalar bilen bu ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de ynsanperwer
ýörelgelere berk ygrarlydygyny görkezýär.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň Bitaraplygy “Dialog - parahatçylygyň kepili”
atly täze filosofik konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu
başlangyjy dünýä jemgyýetçiligini gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, abadançylygy
üpjün etmegiň ýeke-täk we ygtybarly guraly hökmünde ynanyşmak, özara hormat
goýmak medeniýetini pugtalandyrmaga çagyrýar. Iki taryhy senä - Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygyna bagyşlanan şu günki halkara forum bu taglymlary ilerletmek boýunça
tagallalary birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup, halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga, durnukly parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine oňyn Bitaraplygyň
mümkinçiliklerini ulanmak babatda täze mehanizmleri işläp taýýarlamaga
gönükdirilendir.
Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary
paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül
dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan
çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Soňra wekiliýet
Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiziň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy
boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş
dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine
maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz
mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän
halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de bu forumyň geçirilmeginiň
biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny
belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy döwletimiziň daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat etmek
bilen, sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary
ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar. Bu halkara forumyň netijeleri umumy
abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz
hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk
gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30
ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň
adyndan mähirli gutlap, foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri we
abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, görnükli syýasatçylaryň, parlament
agzalarynyň, diplomatlaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň
gatnaşýandygyny, myhmanlary türkmen topragynda görmegiň türkmen tarapy üçin uly
hormat we abraýdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bu
foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we
ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk,
deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara
düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde
seredilýär.
Türkmenistan biziň
topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli
esaslarynyň hem-de ösüşiň hakyky, jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine
kanuny esasda guwanyp biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň
bütin dünýädäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary
baha berýändigini, ony aýawly saklaýandygyny aýratyn nygtady. Hormatly
Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk
gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy
açyk diýip yglan edip, bu forumyň geçirilmeginiň dünýä syýasatynda kadalary,
gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň
köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidigini belledi.
Biziň pikirimizçe, olar
halkara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň hukuk we dünýägaraýyş
babatda esasyny düzmelidir. Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy şeýle esas hökmünde
jar edip, biziň ýurdumyz ençeme möhüm ädimleri ätdi we başlangyçlary öňe sürdi.
Olar dünýäde düşünmek bilen kabul edildi, hyzmatdaşlarymyz tarapyndan goldaw
tapdy. Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň netijesi
boldy. Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň
ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň,
jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz
sözüni dowam etdi we pursatdan peýdalanyp, bu möhüm çözgüdi goldandyklary
hem-de ony kabul etmäge goşan goşantlary üçin hemmelere tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň
milli kanunçylygynda öz beýanyny tapandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda
«Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary
hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini belledi. Bu
Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga, hyzmatdaşlyga,
hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga,
islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler
we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga,
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny
we azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz
eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi
halkara gatnaşyklaryň subýekti hökmünde Türkmenistanyň işini mundan beýläk-de
ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Ýurdumyzyň pugta parahatçylygy, durnuklylygy
gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanýan strategik ugrunyň dogrudygynyň we
üýtgewsizdiginiň güwäsi boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýönekeý
bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň
aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynam bildirdi.
Bu düşünjelere barabar
baha bermek we olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek
häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli öňegidişlikdir. Howply
gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň
netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir.
Türkmenistan bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş,
ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna, halkara hukugyň ykrar edilen
kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlaryň tagallalaryny
birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe - ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat
gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň
Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk
halkara giňişlikde biziň ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan
üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär.
Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik we açyklyk netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwlet
bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde esasy halkara
institutlar bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik
derejesine ýetdi. Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary
ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip,
Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga
mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga,
depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara
taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş
bolmaga şert döredýär.
Bitaraplyk Türkmenistanyň
şu ýyl dünýäde 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen
strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady we örän möhüm ählumumy meseleleri çözmekde, Durnukly ösüş
maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly
we sazlaşykly çemeleşmeleri tassyklamakda BMG-niň ýurdumyza jogapkärli hem-de
netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Biz Birleşen
Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit
hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi,
olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Türkmen döwletiniň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny
üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär. Munuň özi Birleşen
Milletler Guramasynda türkmen Bitaraplygynyň artýan goldawynda öz beýanyny
tapýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul
edilmegi munuň aýdyň ýüze çykmasydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl
mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem
munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň
halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa
öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş
däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere
seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi
hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ilerledýär diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady we häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň
öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda gepleşiklere
ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynam bildirdi.
Biz Bitaraplygy syýasy we
iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris, şonuň esasynda
häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we
usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk bähbitleriň
ýakynlaşmagynyň hem-de sazlaşygynyň, hormat goýmak we deňhukuklylyk dialogynyň,
pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy
geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip
hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk
syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly
mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp
boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş
diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden
peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem
Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala
aşyrmak üçin Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk
uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu
başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we
hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz
türkmen Bitaraplygynyň ýene-de bir aýratynlygy barada aýdyp, biziň
Bitaraplygymyzyň Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň
kanunalaýyk netijesidigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, özbaşdak, oýlanyşykly
we yzygiderli Bitarap daşary syýasaty alyp baryp, ýurdumyz, ozaly bilen, öz
döwletliliginiň berk esaslaryna, taryhy dowamatlylyga, türkmen halkynyň
agzybirligine we goldawyna, ähli halklardyr döwletler bilen parahatçylykda,
ylalaşyklylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagy wesýet eden ata-babalarymyzyň
köpasyrlyk tejribesine daýanýar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy” we “Bitaraplygy”
diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de bitewüdir.
Elbetde, biz maksatlarymyzy we wezipelerimizi halkara bileleşigiň, bütin
dünýäde köp sanly dostlarymyzyň hem-de pikirdeşlerimiziň giňden goldaýandygyny,
olara düşünýändigini aýdyň görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu goldaw
Türkmenistana geljegine umytly garamaga, mundan beýläkki bilelikdäki işiniň
meýilnamasyny ynamly düzmäge kömek edýär. Bizi halklaryň arasynda
parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy gazanmaga, olaryň ilerlemegine,
abadançylygyna yzygiderli, işjeň, netijeli gatnaşmaga ruhlandyrýar diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we hemmelere foruma gatnaşýandyklary hem-de
Türkmenistan bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga
goşant goşýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.
Prezident Wladimir Putin
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygyna
şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň biragyzdan kabul
edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu sene
Türkmenistanda milli baýram hökmünde bellenilýär. Soňra türkmen tarapynyň
başlangyjy boýunça hut şol gün BMG tarapyndan “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip
yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Baştutany bu şanly waka
bilen hormatly Prezidentimizi, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli
türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagynyň
Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitländigini
aýdyp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan
ýurtdugyny nygtady. Türkmenistan baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna daýanmak
bilen, yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, durmuş ulgamynda
belent sepgitlere ýetýär. Ýurt oňyn, oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar,
sebit hem-de halkara derejede howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna
uly goşant goşýar, dünýä proseslerinde oňyn hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak
ýagdaýynyň kemala gelmegi üçin yzygiderli tagallalary edýär.
Dostlukly ýurduň Lideri
türkmen tarapynyň taýýarlan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip,
onuň şu gezekki forumyň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işiň möhüm
netijesi boljakdygyny aýtdy hem-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny,
onda beýan edilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara gatnaşyklaryň
möhüm ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu
ýörelgeleriň hatarynda parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki
işlerine goşulyşmazlyk; ýurtlaryň we halklaryň özboluşly ösüş nusgasyna,
dünýägaraýşyna, ýörelgelerine we dini ynanjyna bolan hukuklaryna hormat goýmak
ýaly taglymlar bar.
Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady, şeýle hem
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk
etjekdigini belläp, bu işde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
many-mazmunly çykyşy üçin russiýaly kärdeşine çuňňur minnetdarlyk bildirip,
çykyşda häzirki döwürde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi
pugtalandyrmagyň möhümdiginiň beýan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary
ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk
ruhunda ynanyşmagy berkitmäge, durnukly hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirilen
netijeli dialogy dowam etdirmegi maksat edinýär.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz
berdi.
Türkiýäniň Prezidenti
hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma
gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen
topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we
döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen
tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde
halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkiýede
Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki
wagtda Türkmenistan dünýäniň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän
ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkiýe hem-de Türkmenistan umumy taryhy bolan
doganlyk ýurtlardyr. Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk
halklardyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe onuň
hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň hem ilkinjileriniň hataryndadyr. Türkiýe
Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen, ähli
ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum,
söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk
ynsanperwer gatnaşyklar bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we
Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk
etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkiýäniň Prezidenti çykyşynda halkara gün
tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada-da durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistany we Türkiýe Respublikasyny taryhy kökleriň umumylygynyň,
medeniýetleriniň ýakynlygynyň, köpýyllyk doganlyk gatnaşyklaryň
baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn
görnüşde hem, abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde hem
yzygiderli ösdürilýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň çykyşynda
halkara gatnaşyklary durnuklylaşdyrmak üçin esas bolup durýan parahatçylygy we
ynanyşmagy pugtalandyrmak meseleleriniň giňişleýin beýan edilendigini aýtdy
hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dialogy
goldaýandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.
Prezident Masud Pezeşkian
forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna
hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat
gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň
bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny
görkezýän wajyp başlangyçdyr. Üç ýyl mundan ozal Eýran Yslam Respublikasy bu
başlangyjy buýsanç bilen goldap, hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edipdi. Bu
gün hem biz parahatçylygy söýýän eýran halkynyň adyndan halkara we sebit
derejesinde parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk tagallalaryny doly
goldaýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys diýip, Eýranyň döwlet Baştutany
aýtdy. Şeýle-de ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog,
hyzmatdaşlyk, halkara hukuga hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu
forumyň umumy maksatlary ilerletmek, sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy,
durnuklylygy, ösüşi üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz baý
mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkianyň halkara
durnuklylygy pugtalandyrmaga we ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň derejesini
ýokarlandyrmaga degişli möhüm meseleleri gozgandygyny belledi. Türkmenistan Eýran
Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn
ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda hormatlamaga, açyklyga
we özara goldawa esaslanýan ýakyn gatnaşyklary saklap gelýärler. Bu durnukly
däpler giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy depginli berkitmek üçin ygtybarly
esasy döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň -
hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, hemişelik
Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejede abraý getirdi. Ol ýurduň uly
taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň
nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant
goşdy. Şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejede
ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki aýratyn ornuny tassyklaýar. Bu ýokary
derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlardyr teklipleriň XXI asyrda
bitaraplygyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn
diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Gazak Lideri bu ugurda
Gahryman Arkadagymyzyň bitiren taryhy hyzmatlaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň
Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara
ähmiýetli möhüm teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde ykrar edilendigini aýtdy.
Ol Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni we
ruhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna ünsi çekip, türkmen nusgawy
edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda
bu möhüm ýörelgäniň öz beýanyny tapýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly,
parahatçylyk, ynanyşmak, adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen
döwletiniň içeri we daşary syýasatynda aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de,
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Gazagystan bu möhüm Kararnamany
goldady. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak biziň daşary syýasat strategiýamyzyň
esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys,
netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak
ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy hem-de
durnukly ösüş üçin parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Ol
çykyşynyň ahyrynda ählumumy parahatçylygyň bähbidine tagallalary
birleşdirmekde, möhüm başlangyçlary öňe sürmekde şu günki forumyň ähmiýetini
nygtap, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
çuň mazmunly çykyşy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan
bilen Gazagystany ynanyşmaga we parahatçylykly ýaşaşmak ýörelgelerine eýermek
däplerine esaslanýan köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny
aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň abraýly halkara, sebit
guramalarynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny, munuň
iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti
bolup hyzmat edýändigini belledi.
Soňra Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri
bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin
hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi
pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy. Ol 30 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň bu
ýagdaýy halkara hukuk taýdan tassyklanan üýtgewsiz ýörelge hökmünde
görkezendigini we parahatçylygy, ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ýurduň
taryhynyň täze tapgyryna ýol açandygyny aýtdy. Geçen ýyllarda Türkmenistan öz
saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny we strategik ähmiýetini subut etdi.
Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün
etdi, ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy. Munuň esasynda giň
gerimli ykdysady özgertmeler, iri infrastruktura we durmuş maksatly
taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýol açyldy. Bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi
bolman, eýsem, döwlet ösüşiniň we milli strategiýanyň esasy bölegi bolan
halkara syýasy filosofiýa hem öwrüldi diýip, Prezident Sadyr Žaparow sözüni
dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Gyrgyz
Respublikasynda Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmäge goşýan goşandyna
ýokary baha berilýär. Häzirki zaman şertlerinde açyk dialog, birek-birege
goldaw bermek we utgaşykly hereket etmek has zerurdyr. Türkmenistanyň bu ugurdaky
öňdengörüjilikli orny Merkezi Aziýada parahatçylyk, özara düşünişmek,
hyzmatdaşlyk üçin möhüm şertleri döretdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gyrgyz Respublikasy bu
başlangyja ýokary baha berdi we onuň işjeň tarapdary bolup çykyş etdi.
Şeýle-de Prezident Sadyr
Žaparow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, onuň deňze
çykalgasy bolmadyk ýurtlara halkara goldawy güýçlendirmek, ulag-logistika
mümkinçiliklerini giňeltmek, infrastruktura durnuklylygyny pugtalandyrmak
ugrunda möhüm ädim bolandygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Bitaraplyk
ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty durnukly ösüşiň we halkara
hyzmatdaşlygyň berkarar bolmagynyň netijeli binýady bolup biljekdigini aýdyň
görkezdi diýip, belent mertebeli myhman belledi hem-de Türkmenistanyň
ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz baý
mazmunly çykyşy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan
eden garaýyşlarynyň sebitde özara düşünişmegi berkitmek, hyzmatdaşlygy
giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär hem-de anyk many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň
çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge
gönükdirilen başlangyçlary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de umumy
parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen,
Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm
çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik
Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly,
Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň
ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk döredijilikli
diplomatiýa berk ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Täjigistan
Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Geçen 30
ýylyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarda
netijeli orun eýeläp biljekdigini görkezdi. Dünýäniň häzirki geosyýasy
ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
yglan etmek baradaky başlangyç aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyk we
ynanyşmak halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk,
durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde wajyp orun eýeleýär hem-de
çylşyrymly meseleleri özara düşünişmek, umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek
üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esaslaryny
pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň öňüni almak üçin halkara
jemgyýetçiligiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde
howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler bilelikdäki
tagallalary talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe
hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.
Döwlet Baştutanymyz
çykyşy hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan hoşniýetli sözleri
üçin dostlukly ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň
ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýändigini hem-de onuň köpýyllyk
ynanyşmaga, dostluga daýanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz ýurtlarymyzyň sebitde parahatçylygy, özara düşünişmegi
pugtalandyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalarynyň ikitaraplaýyn derejede
hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem öz beýanyny tapýandygyny
kanagatlanma bilen belledi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewe söz berdi. Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary
guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly
Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, bu
möhüm sene Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly,
özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygynyň güwäsidir. Prezident
Şawkat Mirziýoýew forumyň parahatçylyk döredijilik işini ilerletmek,
döwletleriň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýetini berkitmek
üçin möhüm syýasy platforma bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup
durýandygyny, onuň gadymy däp-dessurlardan, medeni we ruhy gymmatlyklardan
gözbaş alýandygyny aýtdy. Şeýle-de özbek Lideri türkmen halkynyň Milli
Lideriniň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk filosofiýasyny işläp düzmekde we wajyp
başlangyçlary durmuşa geçirmekde eýeleýän uly ornuny belläp, bu
syýasy-diplomatik ýörelgeleriň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk
bitewüligine hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerini özünde
jemläp, şol bir wagtyň özünde oňyn halkara gatnaşyklary üpjün etmäge
gönükdirilen işjeň parahatçylyk hem-de diplomatik başlangyçlar bilen sazlaşykly
utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
netijeli işini we onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmäge goşandyny mysal
getirdi. Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik garaýyşlary, daşary syýasy
çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynyň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini
döretmek başlangyjyny goldaýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.
Çykyşynyň dowamynda özbek
Lideri häzirki zaman şertlerinde parahatçylygyň, özara dialogyň aýratyn möhüm
ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýä bileleşigi
tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny nygtady. Özbegistan bu başlangyjy doly
goldady hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň
awtordaşlarynyň biri boldy. Biz bu başlangyja ýurtlary birleşdirýän,
gapma-garşylygy aradan aýyrýan we meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge
mümkinçilik döredýän, halklaryň jebisleşmegi, hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy
platforma hökmünde garaýarys diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Çykyşda
Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşygy,
sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlaryň ählumumy abadançylygy üpjün
etmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň awgustynda Awazada
geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň halkara ähmiýetine üns çekildi.
Prezident Şawkat
Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň
esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara
bileleşigiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de
Özbegistanyň işe mundan beýläk-de öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny
tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz özbek
kärdeşine many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda
durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Sebit
durnuklylygyny pugtalandyrmaga, ulag-logistika gatnaşyklaryny, ykdysady we
ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
yzygiderli giňeldilip, iki halkyň durnukly ösüşine, abadançylygyna ýardam
berjekdigine ynam bildirdi hem-de çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe
ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Ol Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etmegiň
özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu möhüm çäräni guraýandygy hem-de Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, bitaraplygy
yzygiderli ilerledýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň
Hökümetine hoşallyk bildirdi.
BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
yglan etmek hakynda Kararnamasy gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly
çözmek, döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek
üçin möhüm binýady döredýär. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet
diýlip ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. Şu geçen döwürde hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň wajyp şerti hökmünde öz
ähmiýetini görkezdi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk, ynanyşmak we dialog
taglymlaryny ilerletmek arkaly halkara parahatçylyga, howpsuzlyga goşýan
goşandyna ýokary baha berýäris. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň BMG-de
bu ugurdaky başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Parahatçylyk dialogy,
adalatlylygy, adam hukuklaryny we mertebesini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli
tagallalary talap edýär. Döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmagyň
döredilmegi parahatçylygy durnukly ýagdaýda saklaýan binýatdyr diýip, Prezident
Waagn Haçaturýan nygtady.
“Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemek
bilen, dialog, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy we
ynanyşmagy ilerletmäge ygrarlydygymyzy tassyklalyň!” diýip, Ermenistanyň Prezidenti
çykyşyny jemledi.
Hormatly Prezidentimiz
çuň manyly çykyşy üçin Prezident Waagn Haçaturýana minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerinde dowam
etdirilýändigini belledi. Biz Ermenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýetine ýokary baha berýäris. Ençeme möhüm meseleler boýunça ýurtlarymyzyň
garaýyşlarynyň laýyk gelmegi parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk
ideýalaryny ilerletmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
çykyşy üçin ermeni kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin
türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy,
özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti
hökmünde görýändigini aýtdy.
Häzirki döwrüň ykdysady,
ekologiýa meseleleri raýdaşlyk, ynanyşmak we umumy jogapkärçilik ýörelgelerine
esaslanýan hyzmatdaşlygy talap edýär. Mynasyp durmuş hem-de abadançylyk biziň
halklarymyzyň maksadydyr diýip, Prezident Abdul Latif Raşid aýtdy we bu forumy
gurandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallygyny
beýan etdi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz çykyşy üçin Yrak Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip,
onuň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we dialogy ösdürmäge degişli möhüm
meseleler barada durup geçendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň
ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara
hormatlamak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Bu bolsa syýasy,
ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila
Nowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Karlos Manuel Wila Nowa
çykyşynda sebitleýin durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň, açyk dialogyň ähmiýetini
belläp, olaryň döwletiň gülläp ösmegine mümkinçilik berýän esasy sütünlerdigini
aýtdy. Şunda bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekde we dostlukly
gatnaşyklary ilerletmekde ähmiýetine üns çekildi. Ol bitaraplygyň
parahatçylygyň arhitekturasyny emele getirýändigini, onuň döwletara
hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge, häzirki döwrüň
meselelerine deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tagallalary
birleşdirmäge ruhlandyrýandygyny aýtdy. San-Tome we Prinsipi Demokratik
Respublikasynyň Prezidenti bitaraplygyň deňhukukly ykdysady hyzmatdaşlygyň
hereketlendiriji güýji bolup durýandygyna üns çekip, bu konsepsiýanyň maýa goýumlary
çekmek, infrastrukturany ösdürmek, azyk hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün
etmek üçin möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz
many-mazmunly çykyşy üçin Prezident Karlos Manuel Wila Nowa minnetdarlyk
bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan San-Tome we Prinsipi Demokratik
Respublikasynyň ählumumy giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmak we netijeli dialog
ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Ýurdumyz halkara guramalaryň
çäklerinde San-Tome we Prinsipi bilen hyzmatdaşlyga döwletleriň arasynda
durnukly ösüşe we özara düşünişmäge umumy çalyşmagyň möhüm düzümi hökmünde
garaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Pakistanyň
Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm
çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen
ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň
oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.
Pakistanyň
Premýer-ministri şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýändigini, bu
senäniň ýylyň-ýylyna Aşgabatda türkmen halky bilen bilelikde halkara derejede
baýram edilýändigini nygtady. Ol şu ýyl bu senäniň aýratyn ähmiýetlidigini,
çünki BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýtdy hem-de
ynanyşmagyň halkara durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy binýady
hasaplanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň oňyn
Bitaraplyk syýasaty dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we
dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilendir. Bu ugur ýurdumyzyň taryhy taýdan
kemala gelen daşary syýasy ugry bolup, ýurduň Prezidentiniň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman
ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň
parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara dialog ugrunda öňe sürýän başlangyçlary
dünýä derejesinde giň ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz parahatçylyk dörediji we
hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Awgust aýynda Awazada BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan ýurt
hökmünde çykyş edýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunuň bilen
baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Halkara Bitaraplyk
gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän
gününde geçirilen bu forumyň geljek üçin parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we
durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin uly mümkinçilikleri
döredýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy
bilen özara düşünişmäge, umumy maksatlara esaslanan hyzmatdaşlyga ýokary baha
berýändigini aýtdy. Hut şeýle çemeleşme iki halkyň gülläp ösmeginiň bähbidine
geljegi uly taslamalar üçin berk esasy döredýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurtlarymyzyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändiklerine,
munuň bolsa sebitde ösüş üçin durnuklylygy pugtalandyrmaga we mümkinçilikleri
giňeltmäge ýardam berýändigine ünsi çekdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol
halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy
bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we
ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi. Gruziýanyň
Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede
dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzirki wagtda adamzadyň
öňünde durýan möhüm meseleleriň, şol sanda gapma-garşylyklaryň, howanyň
üýtgemegi ýaly wehimleriň çözülmeginde parahatçylyk hem-de ynanyşmak möhümdir
diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri belledi hem-de şu babatda bu forumyň ähmiýetini
nygtady.
Gruziýa halkara
hyzmatdaşlar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
ýörelgelerini durmuşa geçirmäge doly ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda,
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze gruzin tarapynyň durnukly geljegiň diňe ýakyn
dialoga, yzygiderli tagallalara we umumy maksatlara esaslanýandygyna
ynanýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol ählumumy parahatçylygy ilerletmäge
gönükdirilen bu forumyň wajyp başlangyçlary öňe sürmekde täze mümkinçilikleri
döredýändigini aýdyp, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Premýer-ministr Irakliý
Kobahidzä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz onuň
çykyşynda sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga hem-de halkara dialogyň
ýörelgelerini ilerletmäge degişli möhüm garaýyşlaryň bellenilendigini aýtdy. Bu
ugurlaryň uzak möhletleýin ösüşi, özara baglanyşygy üpjün etmek üçin uly
ähmiýeti bardyr.
Soňra Azerbaýjan
Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen
tarapyna hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly,
Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary
baha berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
Bitaraplyk hukuk derejesi resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistan 30 ýylyň
dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda uly
işleri durmuşa geçirdi. Azerbaýjan Türkmenistanyň BMG-de öňe süren
başlangyçlaryny yzygiderli goldady we 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri
bolup çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Premýer-ministri
Azerbaýjanyň Türkmenistanyň bu başlangyçlaryna parahatçylygyň we howpsuzlygyň
ählumumy arhitekturasyna wajyp goşant hökmünde garaýandygyny, BMG-niň howandarlygynda
Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky
başlangyjyna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasy
bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy köklere, ruhy we medeni
gymmatlyklara, dost-doganlyga esaslanýar. Ol soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe
boldy. Şu ýylyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze
sahypany açan özara saparlar hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, Premýer-ministr
sözüni dowam etdi. Ol şu ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň
Azerbaýjana amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny belledi. Şunuň bilen bir
hatarda, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, köpugurly gatnaşyklary
pugtalandyrmak üçin möhüm platforma öwrülen Azerbaýjan, Türkmenistan,
Özbegistan üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Azerbaýjan bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlary
öz içine alýar. Şeýle hem dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fizuli şäheriniň
ýaşaýjylarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň bu şäherde metjit gurmak baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk
hatyny iberendiklerini buýsanç bilen ýatlady. Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan
Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň Premýer-ministrine minnetdarlyk
bildirdi hem-de onuň sebit hyzmatdaşlygy boýunça belläp geçen ugurlarynyň
parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi ilerletmek üçin möhüm esas bolup
durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
syýasaty bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn
ähmiýet berýändigini aýdyp, parahatçylygyň we açyk dialog ýörelgelerine
eýermegiň ikitaraplaýyn derejede hem, BMG-niň, beýleki abraýly halkara
düzümleriň çäklerinde hem bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde amatly
şertleri döredýändigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin
Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma ýokary
döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny
belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
hoşallygyny beýan etdi.
Belent mertebeli myhman
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähli ýurtlar we halklar bilen açyk,
dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu ugry
saýlap alyp, parahatçylyk medeniýetini nusgalyk häsiýete öwürýändigini aýtdy.
Premýer-ministr Rassel Dlamini ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini, munuň
Türkmenistanyň belent halkara abraýyny şertlendirýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz
çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ähli döwletler, şol sanda Afrika
yklymynyň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini
aýtdy. Türkmenistan Eswatini Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga, ýurduň özara
dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Bu çemeleşmeler
Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de
deňhukuklylyga gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ideýalaryna
köp babatda laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol
bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň
Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň bu halkara forumy guramagy dialogy, özara düşünmegi,
parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty 30 ýylyň dowamynda parahatçylyk, özara
hormat goýmak, dialog ýörelgeleriniň sebit we halkara derejede ösdürilmegine
uly goşant goşup gelýär. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy
pugtalandyrmak, diplomatiýany ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary ýokary
baha mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Nýo So forumyň
ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we Bitaraplyk ýörelgeleriniň
ählumumy tagallalary mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz
Mýanmanyň Premýer-ministrine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň halkara
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň ugurlary babatda beýan eden
garaýyşlarynyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin gymmatly
bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma
gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, wekiliýet
Baştutanlarynyň çykyşlarynyň, teklipdir garaýyşlarynyň parahatçylyk we
ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp baryljak geljekki işler
üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Umuman, biziň bu
forumymyzyň oňa gatnaşyjylara şu maksatlar üçin bitaraplyk usullaryny
peýdalanmagyň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn seretmegi teklip edýändigini
bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gysga arakesmeden soňra,
parahatçylyk medeniýetini ösdürmegiň hem-de ilerletmegiň bähbidine
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forumyň
işini dowam etmegi teklip etdi.
Arakesmeden soňra, plenar
mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki
ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde resmi surata düşdi.
Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini,
bu wajyp senäniň Garaşsyz türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny, onuň
daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini belledi. Döwletimiziň Bitaraplyk
hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi
dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara
düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de
ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan
ýurt hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýar diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy we hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara forumda
mübärekledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we
ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Forum dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny
hem-de wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir
ýere jemledi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi
Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky
oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan
goşandynyň ykrarnamasydyr. Forumda garaljak meseleler durnuklylygyň
berkidilmegini, dünýä döwletleriniň okgunly hem-de durnukly ösüşini üpjün
etmegi, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe çärelere garamagy, häzirki wagtda
öňümizde durýan ählumumy gün tertibiniň beýleki ugurlaryny öz içine alýar
diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dowamynda, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly
birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn
daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda
dürli derejelerde alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda
netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan
dikeltmek, dialog medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen
birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete
eýedir.
Dünýä gurluşynyň köp ugurlary boýunça dürli çemeleşmeleriň emele gelen
şertlerinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy kanunalaýykdyr. Şunuň bilen
baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy häzirki döwrüň
möhüm wakasy bolmak bilen, BMG-niň agza döwletleriniň, tutuş dünýä
bileleşiginiň, syýasy we diplomatik toparlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Halkara gatnaşyklar ulgamynda çözgütleriň kabul edilmegine dahylly adamlaryň
aňynda uly ähmiýetli waka hökmünde orun aldy. Köp sanly ýurtlar bu ugurda iň
wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, oňyn, özara hormata esaslanýan
söhbetdeşlik ýagdaýyny emele getirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna
göz ýetirdiler.
Elbetde, biziň başlangyjymyz tötänleýin däldir. Bu başlangyç Türkmenistanyň
halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, durnukly amala aşyrylmagynyň, dürli
çylşyrymly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly
çözmek üçin oňyn şertleriň kemala gelmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüji,
Bitarap döwlet hökmündäki köpýyllyk tagallalarynyň kanunalaýyk tapgyryna
öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şeýle mümkinçiligi döredýär.
Şoňa görä, onuň ähmiýeti, hakykatdan-da, ählumumy derejä çykýar diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly
çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk
söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara,
howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy
durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr. Türkmenistan häzirki wagtdaky
dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin
ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak
başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik
pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli
mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar.
Şunda dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegine, ilat
sanyna, beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçiliklerini oňyn
derejede utgaşdyrmaklary syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz
garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýär. Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin
jogapkärdiris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunda, ozaly bilen, Birleşen
Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, köptaraplaýyn kanunylyga
hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň
mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda
hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk
esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara
hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine
goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy
gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen
söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer. Häzirki
wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan
başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny,
zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýär. Biziň
ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda
Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara
hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul
edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň
resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle
bolmalydygyndan ugur alynýar.
Gahryman Arkadagymyz hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň
alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp ornuň degişlidigini aýdyp,
ýurdumyzyň bu ugra biziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň
birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog - parahatçylygyň kepili» ählumumy
başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy
ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin
peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde
göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky
hyzmatdaşlygyň yzygiderli, üznüksiz, geljegi ugur edinýän halkara dialog
hökmünde kabul edilýändigini aýdyp, onuň işleriň giň gerimini öz içine
almalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak
ýörelgesiniň howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman
lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň gerimini giňeltmegi
möhüm hasaplaýarys. Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara
guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak
ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”
işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de
guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, Milli
Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şu gün, 12-nji dekabrda Türkmenistan taryhy senäni - döwletimiziň hemişelik
Bitaraplyk derejesiniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň 30
ýyllygyny belleýär. Şu döwürde türkmen Bitaraplygy durmuşa ukyplydygyny, milli
maksatlara, strategik wezipelere hem-de dünýä giňişligindäki meýillere doly laýyk
gelýändigini görkezdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit gatnaşyklarynyň,
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlaryň we
sebitleriň - biziň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli, durnuklylaşdyryjy täsiri
şübhesizdir. Iş tejribesi türkmen Bitaraplygynyň binýatlaýyn esaslarynyň
BMG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna, onuň giň gerimli maksatnamalarynyň we
strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine doly laýyk gelýändigini subut etdi
diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we ýurdumyzyň öz Bitaraplygynyň
mümkinçiliklerini parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň berkarar
edilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirmäge
hemişe taýýardygyny tassyklady.
Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maksatlaryny, şol
sanda öňüni alyş diplomatiýasy, işjeň parahatçylyk dörediji, araçyllyk işleri
ýaly gurallary ulanmak arkaly olara ýetilmegini kesgitleýär. Türkmenistan
birnäçe başlangyçlary, şol sanda BMG-niň araçyllyk palatasyny döretmek, bitarap
hem-de bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylyk dörediji
tagallalarynyň çäklerinde “ileri tutulýan hyzmatdaş” derejesini bermek baradaky
teklipleri öňe sürdi. Şunda biz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geografiýasyny giňeltmek hem-de olaryň
ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak zerurlygyndan ugur alýarys.
Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy
däldigini nygtamak isleýärin. Bitaraplyk biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem
halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman
siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydyr. Bitaraplyk,
parahatçylyk we ynanyşmak, özara hormat goýmak hem-de düşünişmek düşünjeleri
kanunçylyk derejesinde berkidilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we içerki
döwlet gurluşynyň düýp mazmunyny kesgitleýär. Şoňa görä-de, biziň
Bitaraplygymyz üýtgewsizdir, daşarky şertlere we ýagdaýlara, wagtlaýyn üýtgäp
durýan şertlere durnuklydyr. Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we
ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de
hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar diýip,
türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, şu günki forum dünýä ýurtlaryna
jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, raýdaşlygy ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň we
ösüşiň bähbidine halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge anyk hem-de
aýdyň çagyryşdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak garaýyşlarynyň binýatlaýyn
syýasy-filosofik taglymat hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan goldaw
tapjakdygyna, geljegiň häzirki zaman, berk, bitewi ählumumy arhitekturasyny
döretmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanýarys. Bize bilelikde halkara
ýagdaýlary sagdynlaşdyrmak, ynanyşmagy, syýasy dialog medeniýetini dikeltmek
üçin öňde uly wezipeler garaşýar. Şu günki forum bu ugurda möhüm ädimdir. Milli
Liderimiz sözüni jemläp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine parahatçylygyň, özara
düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory
Tatýana Walowaýa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga
döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň taryhy ähmiýeti uludyr.
Şol senede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Tatýana Walowaýa pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny şanly sene bilen
gutlady.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň
oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada
parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk
geçirildi. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn
ähmiýetini, esasan-da, dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek
tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan
tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm
halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibi,
şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge,
parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen “Ýol kartasydyr”. Şeýle
şertlerde häzirki halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri
paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny
ilerletmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň geografik
ýerleşişi, daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen
Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde
çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri
baglanyşdyryp, parahatçylyk köprüleriniň binýadyny berkidýär. Sözüniň ahyrynda
belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkyny bu taryhy sene bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri manyly çykyşy üçin Tatýana Walowaýa minnetdarlyk bildirip, onuň
çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, parahatçylykly dialog
medeniýetini goldamaga, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň
üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigini aýtdy. Gahryman
Arkadagymyz döwletleriň we halkara düzümleriň dürli ugurlar boýunça
hereketleriniň ylalaşyklylygyny üpjün edýän köptaraply mehanizmleriň özara
baglanyşygy pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzda Birleşen
Milletler Guramasynyň, onuň edaralarynyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini
çözmekde wajyp ornuna ýokary baha berilýändigini nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi.
Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesini resmi taýdan ykrar etmegi taryhy waka boldy. Bu waka halkara
giňişlikde bitaraplygyň hukuk binýadyny berkitdi. Bu başlangyç Bitaraplygyň
türkmen nusgasynyň halkara we sebitara gatnaşyklardaky ähmiýetini aýdyň
görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurduň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň
parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge ygrarlydygyny, 2030-njy
ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşýan
mynasyp goşandyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň
Bitaraplygy jogapkärçilikli we işjeň ýörelge bolup, dialogy, özara hormat
goýmagy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitde
durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu hukuk derejesi goňşy
döwletler we halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam
berýär. Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasy, şol sanda
Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkezi sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, howanyň
üýtgemegi we beýleki wehimlere garşy bilelikde hereket etmek üçin möhüm
platformany döretdi. Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň jemleri esasynda kabul edilen
Awaza syýasy Jarnamasy Türkmenistanda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk
babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan
sebitde durnukly ösüş üçin infrastruktura, ulag, energetika taslamalaryny
ilerledýär. Bu başlangyçlar integrasiýa proseslerini işjeňleşdirmäge ýardam
edýär.
BMG we beýleki halkara
guramalar häzirki wagtda parahatçylygyň dialog hem-de ynanyşmak arkaly
gazanylýandygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şu nukdaýnazardan, bitarap
döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň üstünlikli hyzmatdaşlyk we dialog
meýdançasy hökmünde eýeleýän orny barha artýar diýip, Kaha Imnadze aýtdy we şu
günki forumda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe
süren möhüm başlangyçlarynyň, şol sanda Parahatçylyk we bitaraplyk
uniwersitetini döretmek baradaky teklibiniň ähmiýetini belläp, Birleşen
Milletler Guramasynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk
etmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz
manyly çykyşy üçin Kaha Imnadzä minnetdarlyk bildirip, çykyşda beýan edilen
meseleleriň häzirki döwürde örän uly ähmiýete eýedigini belledi we BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geljekde
hem sebitimizde, onuň bilen serhetdeş çäklerde ýerleşýän ýurtlaryň
parahatçylykly başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik
etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa sebitine
ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.
Bu forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga degişli möhüm
meseleler boýunça halkara dialogy işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny görkezýär. ÝHHG
Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny giňden goldaýar. Türkmenistan 1992-nji
ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy
hökmünde guramanyň Aşgabatdaky merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp
barýar.
Feridun Sinirlioglu
çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň
bilelikdäki tagallalara mundan beýläk-de itergi berjekdigine ynam bildirdi
hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdi.
Milli Liderimiz çuň
manyly çykyşy üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş
sekretaryna minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda howpsuzlyk, ösüş, ynsanperwer
ugurlary birleşdirýän dialogyň netijeli guraly hökmünde ÝHHG-niň wajyp ornunyň
bellenilýändigini aýtdy. ÝHHG-niň howpsuzlygyň tutuş toplumyna düşünilmegine
esaslanýan çemeleşmesi parahatçylyk hem-de bitaraplyk filosofiýasy bilen doly
sazlaşýar. Ýurdumyz geljekde-de bu düzüm bilen oňyn hyzmatdaşlygy dowam
etdirer.
Soňra Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň
Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň
kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň
özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň geçen döwürde
Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanandygyny nygtady. Munuň
özi halkara bileleşigiň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bildirýän ýokary
ynamyna şaýatlyk edýär.
Şeýle hem bu gün biz
BMG-niň Kararnamasy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda esaslandyrylan Halkara
Bitaraplyk gününi belleýäris. Şu babatda bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Çünki Baş Assambleýa 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýip yglan etdi. Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk nusgasy
döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we içerki işlerine goşulyşmazlyk,
ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýörelgelerine
esaslanýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy hoşmeýilli erki we netijeli
hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir. Bu konsepsiýa ýurduň ýolbaşçylarynyň
strategik garaýşyny beýan etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň
başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar
diýip, Asad Majid Han aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz
çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda
parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde özara baglanyşygyň ähmiýetiniň
beýan edilendigini belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde ulag
geçelgeleriniň, energetika kooperasiýasynyň, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi
döwletleriň arasynda ynamyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ykdysady ösüşe
gönüden-göni ýardam berýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitiň okgunly ösüşiniň esasy şerti hökmünde
bitaraplygyň, dialogyň orny baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Soňra söz nobaty BMG-niň
Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine
ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi. Ol bildirilen myhmansöýerlik
hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara forum häzirki döwrüň
ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly
ähmiýete eýedir. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde sebit
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.
SPECA maksatnamasy
durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi 2030-njy ýyla çenli
durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmagyň möhüm bölegi hasaplaýar.
Olar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň wajyp
meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek,
suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribe alyşmak
üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýewropa
ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim
etdi. Bellenilişi ýaly, bu düzüm sebit döwletleriniň öz mümkinçiliklerinden
netijeli peýdalanmak, abadan, durnukly ösýän we adalatly durmuş gurşawyny
döretmek boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de ýardam eder.
Halk Maslahatynyň Başlygy
çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Tatýana Molçanyň durnukly ösüşiň, ozaly
bilen, hereketleriň we çemeleşmeleriň sazlaşygy baradaky garaýyşlarynyň
ähmiýetini belledi. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny toplumlaýyn
ornaşdyrmagyň gurallaryny ulanan dünýäde ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen,
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň giňişliginde bu maksatlara ýetilmegine
uly goşant goşýar.
Soňra çykyş etmek üçin
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti üçin
Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa
Alişahbana söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde şu forumyň
geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan şeýle iri forumy kabul etmek bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy tagallalary birleşdirmäge
ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2030-njy ýyla çenli
durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim
bolandygy aýdyldy. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Bitaraplygyň dostlugy,
özara ynanyşmagy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli
gurala öwrülendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz çuň
manyly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aziýa - Ýuwaş umman sebiti
üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, sanlylaşdyrma, häzirki zaman
şäherleri hem-de howa durnuklylygy ulgamynda döwrebap çözgütleri işläp
taýýarlamakda möhüm ornuny nygtap, bu düzümiň Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň
täze ykdysady arhitekturasyny emele getirmekde goşýan goşandyna ýokary baha
berdi.
Soňra Milli Liderimiz
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi. Ol
foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylyna bagyşlanan foruma çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza
hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu giň
wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün
etmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Kararnamasynyň ähmiýetine üns çekildi. Dünýä bileleşiginiň bu başlangyjy
goldamagy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygy
nobatdaky gezek tassyklady.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň Baş sekretary çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň
parahatçylyk we abadançylyk babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändigini
aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz
Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň
asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň yklym we dünýä işlerinde eýeleýän ornuna, onuň häzirki zaman dünýä
gurluşynyň deňagramly ulgamyny kemala getirmäge goşýan goşandyna ýokary baha
berip, çykyşy üçin Nurlan Ýermekbaýewe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň
orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu
halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, “ýaşyl”
ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet
berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň
soňky ýyllarda ösüşiň täze tapgyryna çykandygy bellenildi. BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly mynasybetli geçirilýän forumda beýan edilen teklipleriň geljek ýyllarda
anyk işleri durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz
çykyşy üçin Sýuý Haolýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň
institusional özgertmeler, sanlylaşdyrmak, durmuş-ykdysady ösüş ulgamlarynda
netijeli özara gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny nygtady. Milli
Liderimiz bu düzümiň taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilýändigine ýokary
baha berip, geljekki hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk
gelýän durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Forumda çykyş etmek üçin
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli parahatçylyk
we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman
Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Sin Suý ÝUNESKO agza
bolan wagtyndan bäri Türkmenistanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň
birnäçesiniň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna
girizilendigini belledi. Ol ýakynda bu guramanyň Maddy däl medeni miras boýunça
komitetiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan
hödürlenen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly
hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini nygtap, şu mynasybetli
gutlaglaryny beýan etdi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Aşgabadyň «Dizaýn»
ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy, ýurdumyzyň
umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen
mekdepleriniň toruna girizilmegi Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini görkezýär.
Çykyşda bellenilişi ýaly,
şu günki forumyň çäginde öňe sürülýän garaýyşlar ÝUNESKO-nyň gymmatlyklary
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen bir hatarda, parahatçylygyň
bähbidine bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri çykyşy üçin Sin Suýa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden ugurlarynyň
ynanyşmagy pugtalandyrmaga, parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge hem-de
durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň
oňyn häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde-de bilim, ylym, medeniýet, maddy we
maddy däl mirasy gorap saklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat
edinýändigini aýtdy.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli
syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we
ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary
derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara
giňişlikde uly hormata we ykrarnama eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak
forumy ýüze çykýan meseleleri oýlanyşykly çözmekde halkara tagallalary
birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Salim Al Maligiň sözlerine görä,
birek-birege ynam we açyklyk hyzmatdaşlygy berkidýän gymmatlyklardyr. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan bu gymmatlyklary gorap, dünýäde parahatçylygy
hem-de ynanyşmagy berkitmegiň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Ynam parahatçylyga
eltýän ýoldur. Onuň bar ýerinde hemişe abadançylyk we gülläp ösüş höküm
sürýändir.
Gahryman Arkadagymyz çuň
manyly çykyşy üçin Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, bilim, ylym,
medeniýet hem-de mirasy gorap saklamak ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlaryň
yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini
belledi.
Milli Liderimiz foruma
gatnaşyjylara ýüzlenip, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda
häzirki tapgyrdaky halkara hyzmatdaşlyga giňişleýin seljerme berlendigini,
parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä bileleşiginiň
köpugurly tagallalaryny birleşdirmek babatda onuň ähmiýetiniň nygtalandygyny
aýtdy.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk
gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň
işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň
we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini,
olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde,
döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde
peýdalanyljakdygyny belledi.
Bu forumyň esasy
aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň
möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli
pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna
hormat goýmagy başarýandyklarydyr. Megerem, bu ugurdaky ýeke-täk ýol hökmünde
dialogyň geljegi uly, oýlanyşykly gural hökmündäki gymmatlygy şundan ybaratdyr.
Onuň esasynda, hakykatdan-da, uly netijeleri gazanyp, kanuny bähbitlerini
hasaba almak hem-de deňagramlylyga ýetmek üçin şertleri döretmek, hakyky
ýagdaýlara laýyk gelýän, mümkinçilikleri uly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak,
iň çylşyrymly netijeler boýunça ylalaşyga ýetmek hem-de oňyn gatnaşyklary ýola
goýmak mümkindir. Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa
ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi.
Forumdaky çykyşlaryň
many-mazmuny hem-de ugurlary geljege gönükdirilendir, strategik
meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandyr hem-de ileri tutulýan ugurlary,
syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamynda, durnukly ösüş boýunça
birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny
görkezendir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň
ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de
dolanuwsyz umumy düşünjäniň - dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk
gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy
bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin
diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şeýle ulgamy
gurmak erk-islegiň bolmagy, özara ynanyşmak, dünýäniň ykbaly üçin ýokary
jogapkärçilik ýaly düýpli şertler bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünjeleri
ilerletmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji şertine öwürmek maksady bilen,
2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri forumy jemläp, bu çäräniň forumyň parahatçylyk we ynanyşmak diýen adynda
beýan edilýän gymmatlyklaryň tarapdarlarynyň barha artýandygyny, onuň salgym
däl-de, anyk düşünjelere öwrülýändigini, dünýä ösüşiniň hakyky şerti, netijeli
gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ahlak sütüni hem-de hereketlendiriji güýji
bolup durýandygyny tassyklandygyny aýtdy. Elbetde, bu ýörelgeleri berkarar
etmek, adam aňynda we syýasy tejribede berkitmek üçin heniz öňde uly wezipeler
garaşýar. Emma biziň dogry ýol bilen barýandygymyz şübhesizdir. Şol sebäpli men
Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki
bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň
bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan ähli
wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary
üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz hemmeleri
Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze - 2026-njy ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk
gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan
halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.
Forumda hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy.
Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Şeýlelikde, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wekilçilikli forum tejribe
alyşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm
meýdança öwrüldi. Ol 30 ýyllyk üstünlikli Bitaraplyk syýasatynyň jemini
jemlemek bilen, ony özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dialog ýörelgeleriniň
sebitdäki hem-de ählumumy howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň köpugurly guraly
hökmünde ulanyp bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi