Önümçilik maksatly karzlar

Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly karzlardyr.

Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly karzlardyr. Karzlar önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryna şeýle hem önümçilik bilen bagly dolanşyk serişdelerini satyn almaga berlip bilner.

 Karzyň möhleti: - 10 ýyla çenli

Karzyň göterim derejesi:*   - 8%-10%

Gerekli resminamalar:                   Edara görnüşindki taraplar:

  •  karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
  •  karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
  •  soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 (üç) ýyl üçin balans;
  •  peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
  •  karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk hatlarynyň göçürme nusgalary;
  •  dörediş resmi namalarynyň, edara görnüşindki tarapyň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
  •  gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan petek, oňa kepillendiriji ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan güwä geçilen bolmaly.

Hususy telekeçi bolan şahsy adamlar:

  • karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
  • karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
  • hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
  • karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk hatlarynyň göçürme nusgalary;
  • hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme nusgalary;
  • gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan petek, oňa kepillendiriji tarapyndan güwä geçilen bolmaly.

Karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin bank beýleki zerur maglumatlaryň berilmegini müşderiden talap edip biler.

* Karzyň göterimi maýa goýum taslamasynyň görnüşi, maksady, karzyň pul birliginiň we karz alyjynyň maliýe ýagdaýlary göz öňünde tutulyp Bankyň tassyklanan içerk buýrugy esasynda kesgitlenýär.

 Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:  93-83-51, 93-67-99

Oba-hojalyk maksatly karzlar (942 karar)

Bu görnüşli karzlar „Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabynda çykaran 942-nji kararyna laýyklykda berilýän karzlar bolup durýar. Bu karzlaryň esasy maksatlary oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakdan, şol sanda ýerlerden rejeli peýdalanmakdan, ulanylmaýan ýerleri özleşdirmekden we ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakda, oba ilatynyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karzlar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin berilýär.

Karzlar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň taslama boýunça 15% göterimden az bolmadyk hususy seridelerini goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar.

 Taraplar: - Oba hojalyk önümlerini öndürijiler

Karzyň möhleti*:  - 10 ýyla çenli 

Karzyň göterim derejesi: 

  • Oba hojalyk tehnikalaryny, abzallaryny we suwy tygşytlaýjy enjamlary satyn almak maksatly: ýyllyk 1% göterim
  • Oba hojalyk önümlerini öndürmek maksatly: ýyllyk 5% göterim

Gerekli resminamalar:

  • karz almak üçin arza;
  • fiziki şahslar üçin – şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we  ýer eýeleri  üçin salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
  • ýuridik şahslar üçin – döwlet tarapyndan bellige alnandygy we salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamalaryň nusgalary;
  • karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
  • karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň  göçürme nusgalary;
  • ýer bölegine eýeçilik hukugyny ýa-da ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namalarynyň, ýerlere kärende hukugy barada Şertnamanyň göçürme nusgalary;
  • daýhan birleşikleri, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we oba hojalyk   ylmy-barlag institutlary soňky üç ýyl boýunça ýyllyk maliýe hasabatlylygyny we işleriň ähli görnüşlerinden alýan girdejileri barada maglumatlary;
  •  daýhan hojalyklaryň, kärendeçileriň, mülkdarlaryň, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileriň we döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň-dahyllylaryň soňky iki ýylyň girdejileri barada tassyklanan maglumatlary.
  • daýhan birleşikleri we oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri üçin Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginden olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigi barada netijenama almalydyr;
  •  daşary ýurtlardan mallar we guşlar satyn alnan ýagdaýynda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinariýa gullugyndan mallaryň we guşlaryň kesellerinden arassalygy barada netijenama almalydyr.

Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda oba hojalyk önümlerini öndürijilerden goşmaça maglumatlary talap edip biler.

 * Maýa goýum taslamasynyň görnüşine, karz alyjynyň işewürlik meýilnamasyna laýyklykda karza ýeňillikli döwür (diňe göterim tölenilýän döwür) kesgitlenip bilner. 1% görnüşindäki karzlara ýeňillikli döwür berilmeýär.

 Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:  93-83-51, 93-67-99

Telekeçiligi goldamak boýunça (12446 karar)

Bu görnüşli karzlar “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446-njy kararyna laýyklykda berilýän karzlar bolup durýar. Bu karzlaryň esasy maksatlary täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak,  bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak  hem-de  telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekdir.

Bu görnüşli karzlar maýa goýum taslamasyna 15%-den az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär.

Taraplar: - Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri

Möhleti: 

  • Maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli,
  • Dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli.

 Karzyň göterim derejesi: - ýyllyk 5% göterim

Gerekli resminamalar:

Edara görnüşindki taraplar:

  • karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
  • karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
  • soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 (üç) ýyl üçin balans;
  • peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
  • karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk hatlarynyň göçürme nusgalary;
  • dörediş resmi namalarynyň, edara görnüşindki tarapyň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
  • gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan petek, oňa kepillendiriji ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan güwä geçilen bolmaly.
  • Hususy telekeçi bolan şahsy adamlar: