Talyp karzy

Talyp karzy:

-         Karzyň möhleti: Karz ugry okuwyň möhletine görä açylýar. Karz ugry boýunça ilkibaşda okuwyň birinji ýarymýyllygy ýa-da 1 ýyly üçin zerur bolan möçberde tölegler geçirilýär. Ilkibaşda ulanylan karzyň möçberi, ikinji tölegi geçirilmezden doly yzyna gaýtarylýar.

-         Göterim derejesi: ýyllyk 5%

-         Maksady: nagt däl görnüşinde ýörite orta, ýokary okuw jaýlarynyň tölegli okuw kurslaryny tölemek.

-         Müşderä bolan talaplar: karz ugry talybyň ene-atasynyň ýa-da dogab-garyndaşlarynyň birine resmileşdirilip, maşgala agzalarynyň zamunlygynyň bolmagy, okuw edarasynyň resmi töleg hasapnamasy.

-         Möçberi: aýratynlykda kesgitlenýär.

Talyp karzy Türkmenistanyň raýaty bolan talyplaryň kanuny wekiliniň birine resmileşdirilip, Türkmenistanyň raýaty bolan talyplara tölegli esasda Türkmenistanyň ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda bilim almak üçin berilýär.

Maksatlaýyn talyp karzy okuwyň bahasyny tölemek üçin, okuwyň gündizki görnüşinde, hususy tertibi ýagdaýda okaýan ýa-da okamaga hukuk gazanan talyplaryň, karzyň üpjünçiligi ýeterli bolan, tölege ukyply, girdeji çeşmesi bolan ene-atalaryň ýa-da dogan-garyndaşlaryň birine resmileşdirip, töleglilik, möhletlilik we gaýtarmaklyk ýörelgeleri esasynda berilýär.

 

Hormatly talyplar we ene-atalar !

“Talyp karzyndan” peýdalanmak üçin bankyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik welaýatlaryndaky bank gulluklaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz : 93-83-51