Ipoteka karzy

Ipoteka

Ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak (ipoteka) karzlar

Raýatlar tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryň gaznasyndan satyn alnan we hususylaşdyrylan öýler, şeyle-de, raýatlar tarapyndan Aşgabat şäherinde täze gurlan has oňayly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan ozal satyn alnyp, gaýtadan satylýan öýler üçin karzlaşdyrylýar. Karz satyn alynýan ýaşaýyş jaýyň bahasynyň 35% böleginiň müşderi tarapyndan öz serişdelerinin hasabyna tölenmegi şerti bilen, umumy bahasynyň ýüzden 65% bölegine çenli möçberde karzlaşdyrylýar. 

Karzyň möhleti: - 15 ýyla çenli 

Karzyň göterim derejesi:  - ýyllyk 8% göterim 

Gerekli resminamalar 

- Karz almak üçin arza;

- Karz alyjy barada maglumat;

- Raýatyň pasporty (nusga);

- Ilkibaşky töleg möçberiniň geçirilendigini tassyklaýan resminamalar;

- Nika haty (nusga), aýalynyň (adamsynyň) pasport nusgasy, (durmuşa çykmadyk (öýlenmedik) bolsa, RÝNÝE edaradan güwänama);

- Ýazga alynandygyny anyklamak üçin maşgala agzalarynyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama;

- Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň onuň banka ýüz tutan wagtynda işleýän edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy (ähli sahypalary), (Karz alyjy banka ýüz tutan wagtynda öz işini edara görnüşindäki tarapy döretmezden amala aşyrýan hususy telekeçi ýa-da telekeçiniň tabynlygynda işleýän raýat bolan ýagdaýynda zähmet depderçesiniň döwlet salgyt gullugy tarapyndan tassyklanan nusgasy);

- Karz alyjynyň bir ýerde ýaşap, umumy hojalygy ýöredýän adamsynyň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten çagalarynyň eýeleýän wezipeleri we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwänama;

- Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň hat üsti bilen beren razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary, eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwänama;

- Edara görnüşli tarap bolup durmaýan telekeçileriň bellige alyş şahadatnamasynyň, hereket edýän patendiniň (ygtyýarnamasynyň) nusgasy we soňky hasabat döwri üçin girdejileri (arassa peýdasy we sap girdejisi hökman görkezilmeli) hakynda döwlet salgyt gullugy tarapyndan tassyklanan güwänamasy we resmi haty;

- Karz bermegiň talaplaryna laýyklykda Karz alyjy bilen satyjynyň arasynda öýi satmak we satyn almak hakynda baglaşylan ylalaşygyň nusgasy;

- Müşderiniň karz taryhyny tassyklaýan resminamalar (bar bolsa berlen karzlaryň doly gaýtarylandygyny tassyklaýan resminamalar);

- Karz alyja gozgalmaýan emläk üçin öýi satyjynyň (bankyň soramagy boýunça) bermeli resminamalarynyň sanawy;

- Öýi satyjynyň pasportynyň nusgasy;

- Nikaly adamlar üçin nika hakynda şahadatnamasynyň nusgasy, aýalynyň (adamsynyň) pasportynyň nusgasy, durmuşa çykmadyk (öýlenmedik) bolsa, RÝNÝE edaradan güwänama;

- Satylýan öýüň hukuk taýdan satyja degişlidigini tassyklaýan resminamalar;

- Adamsynyň (aýalynyň) öýi satmaga ýazmaça razylygy;

- Ýazga alynandygyny anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama;

- Satylýan jaýdaky ähli kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň jaýy satmaga razyçylyk hatlary we pasport nusgalary;

- Girew emlägi gozgalmaýan emlak bolan ýagdaýda (ýaşaýyş jaý) TTE-dan tussagda däldigi barada kepilnama. Awtoulag bolan ýagdaýda PÝGG-dan tussagda däldigi barada kepilnama.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:  93-83-51, 93-67-99