Ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karz

Ýas çatynjalara ýenillikli karzy

Möhleti: 3 ýyla çenli

Möçberi: 20 000 (ýigrimi mün) manat

Göterim derejesi: ýyllyk 1% göterim

 Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýenillikli karzlar berilýär. Resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalary esasynda zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýär.  Bu ýeňillikli karzdan är-aýalynyň ikisi hem 35 ýaşyna ýetmedik ýaş çatynjalar   peýdalanyp bilýärler.  Bu karz är-aýalyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär we är-aýalyň bu karzdan bir gezek peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu karzlar girew hökmünde emläk alynmazdan, üçünji taraplaryň zamun bolmagynda berilýär.

Ýas çatynjalara ýenillikli karzy almak üçin zerur bolan resminamalar:    

·         Arza (bankda doldurylýar)

·         Karz soraýanyn pasportynyn nusgasy;

·         Karz soraýanyn şahsy maglumatnamasynyň nusgasy;

·         Karz soraýanyň işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);

·         Karz soraýana zamunçy boljak 2 sany şahsyň pasportynyň nusgasy we işleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);

·         Nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy; Karz soraýan we ýoldaşy  ZAGS-dan 16 ýasdan nika baglasylan güne çenli nikada durmaýanlygy  barada degisli kepilnama;

·         Ýaşaýyş ýerinden kepilnama.