Sarp ediş karzy

Sarp ediş maksatly karzlar

Taraplar: - Şahslar

Möhleti: - 3 ýyla çenli, 

Karzyň göterim derejesi: - ýyllyk 15% göterim

Gerekli resminamalar: 

  • karz hakyndaky ýüztutma (arza);
  • Karz soraýanyň pasportynyň nusgasy;
  • Karz soraýanyň şahsy maglumatnamasynyň (liçnyý listok) nusgasy, 3*4 surat 1 sany;
  • Karz soraýanyň işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi, aýlyk zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň nusgasy);
  • Karz soraýana zamunçy boljak 2 sany şahsyň pasportynyň nusgasy we işleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi, aýlyk zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň nusgasy);
  • Karz soraýan öýlenmedik (durmuşa çykmadyk) bolsa, nika öýüniň (ZAGS) degişli kepilnamasy, eger-de karz soraýan öýlenen (durmuşa çykan) bolsa, nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy, Karz soraýan nikasyny bozan bolsa, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy we nika öýünden degişli kepilnama ;
  • Girewe goýulýan emlägiň resminamalary we girewiň suratlary;

eger ulag serişdesi bolsa – tehniki pasportynyň we sürüjilik hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy .

eger öý bolsa – tükelleýiş (inwentar) işi, öý kitaby, tussagda durmaýandygy we hususy eýeçilige degişlidigi barada tükelleýiş edarasyndan kepilnama;

  • Eger girewe goýulýan emläk başga birine degişli bolsa, onda emlägiň eýesiniň pasportynyň nusgasy, nika hakyndaky şahadatnamasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy.
  • Forma- 3 (ýaşaýyş ýerinden kepilnama).
  • Karzy ulanmak üçin Altyn asyr plastik kart açdyrmaly.

Karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin bank beýleki zerur maglumatlaryň berilmegini müşderiden talap edip biler.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:  93-83-51, 93-67-99