Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
mejlisi
18.09.2026
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby
gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny
döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen
bir hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara
dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan
goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini
ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler
yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek
babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini
ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak
ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen
Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň
dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin
has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň
gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da
artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň
nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen
döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry
hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany
4 gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga
niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12
gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Wise-premýer pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle
ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän
işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de
taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
Diýarymyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümde ulanylýan ähli oba hojalyk
tehnikalaryny netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý
tohumlary bilen üpjün etmek, bugdaý ekiljek ýerlerde suw tutmak, ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýetişdirilen
pagta hasylyny ýygnap almak ugrunda-da işler dowam edýär. Tabşyrylan hasyly
pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek
işleri alnyp barylýar.
Welaýatlarda
ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler
bilen ilatymyzy üpjün etmek üçin häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda
güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, hasyly ýygnap almak babatda degişli
işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň
işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekişini
talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen
pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy hem tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň garamagyndaky zawodlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu kärhanalary, hususan-da, «Tejenkarbamid»
zawodyny önümçilik taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen
zerur işler geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri
kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän
möçberiniň artdyrylmagyna hem ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik
kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de
«Tejenkarbamid» zawodyny netijeli işletmek maksady bilen taýýarlanylan
resminama gol çekdi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde
geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň
söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk,
senagat, oba hojalyk pudaklarynda, maliýe we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar
ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz
öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet,
sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak,
döwlet kadastry, işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir
alşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn
hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly
gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy
taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça
taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek,
ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça
ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we
kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň
Kanunyna laýyklykda, Muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere
derejeleri bermegiň tertibiniň taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe türkmen halkynyň baý mirasyny, şan-şöhratly taryhyny giňden wagyz
etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp
barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi
hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek
boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat
şäherinde gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa
merkezini, Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek
meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, “Saglygy goraýyş, bilim
we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara
sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek,
onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk
görmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere
ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek mynasybetli
dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly
Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de
«Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň bir ugry
döwletimiziň Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Koreýa
Respublikasyny we «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatyny görkezmek
bolar.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 14 - 16-njy sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz
Koreýa döwlet saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň
dowamynda amala aşyran işleriniň netijesinde hem-de häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň
arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň
sapary syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan
çärelere baý boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet
Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň
dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen
duşuşyklary geçirildi. Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet
Baştutanymyzyň syýasy ylmy tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň
nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň
hormatly doktory derejesi berildi.
Hormatly
Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda
Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan
100-den gowrak, koreý tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň
dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy
ösüşe goşan goşandy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda
assosiasiýasy tarapyndan Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe
ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.
Medeni-ynsanperwer
ugur boýunça Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa
Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiziň döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol
çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa
Respublikasynyň Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary
wezipeli wekilleri bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.
Köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
«Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy we onuň
barşynda 2007-nji ýylda döredilen bu mehanizmiň işini ulgamlaýyn esasda
ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Sammitiň çäklerinde
«Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammiti geçirildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda agzalan formatda senagat, emeli-aň,
ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda
hereketler boýunça ministrler derejesindäki duşuşyklar guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasyna
amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy»
ilkinji sammitiniň türkmen-koreý gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe
bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer,
daşary işler ministrine Koreýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň intellektual
eýeçilik babatda halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek
boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň
ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara
standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, awtorlyk hukuklarynyň netijeli
goralmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň
intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 - 2052-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasy» esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara
tejribäni öwrenmek we ony ýurdumyzda ulanmak, milli hünärmenleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçilik ulgamynda halkara
hyzmatdaşlygy, hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy hem-de
Ýewraziýa Patent Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin
birnäçe teklipler beýan edildi.
Nygtalyşy
ýaly, Ýewraziýa Patent Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda
Aşgabat şäherinde «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw - sebitleýin
we global mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň
dowamynda intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň,
olary önümçilige ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Bu çärä degişli
döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň,
hususy pudagyň wekilleriniň, Ýewraziýa Patent Guramasynyň hünärmenleriniň
gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
21
- 23-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek
Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen
ugurdaş geçiriljek intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata
Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär. Bu çäreleriň çäklerinde
Ýewraziýa patent ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de degişli edaralaryň
arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşylar.
Türkmenistan
1995-nji ýyldan bäri Ýewraziýa Patent Guramasynyň agzasy bolup, bu guramanyň
Dolandyryjy geňeşine 2025-nji ýylda başlyklyk etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň
1-nji ýanwaryndan güýje giren Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa
maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy
baradaky teklip beýan edildi. Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent
edarasynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny
giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has
netijeli seredilmegine ýardam berer.
Bütindünýä
Intellektual Eýeçilik Guramasynyň çäklerinde 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt
nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen
Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna hem
Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnamalaryň maksady haryt
nyşanlaryny milli we sebit derejesinde döwlet belligine almak bilen bagly
amallary düzgünleşdirmekden, bu ugurda gelip gowuşýan ýüzlenmeler boýunça amala
aşyrylýan hukuk taýdan ähmiýetli hereketleri ýönekeýleşdirmekden, olary häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.
Bütindünýä
Intellektual Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion
mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça
degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
wekiliýetiniň şu ýylyň 16 - 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek
Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik
boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmagy, onuň çäklerinde bu guramanyň
degişli düzümleriniň wekilleri bilen agzalan guralyň mümkinçilikleri, ondan
peýdalanmagyň aýratynlyklary we ony ýurdumyzda ulanmagyň ýollary boýunça
gepleşikleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara
konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp
barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek
boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler
geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
uly ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmäge
ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlise
gatnaşyjylar Koreýa döwlet saparynyň we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy”
ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy
ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda
assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet
Baştutanymyz gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk
bildirdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi