Ykdysady ösüş — durmuş abadançylygynyň güwäsi
Ösüşleriň we
özgertmeleriň ynamly ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda milli ykdysadyýeti çalt
depginler bilen ösdürmek, döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda
alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek
halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, ilatyň abadan we eşretli
durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge
gönükdirilýär.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistana
jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini, senagat önümçiliginiň möçberiniň,
daşary söwda dolanyşygynyň, ýurduň azyk bolçulygynyň içerki bazarlardaky
nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna,
durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa
geçirilmegine gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberi has-da artdyrylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmek, telekeçiligi goldamak, önümçilik maksatly kärhanalary gurmak, bar
bolanlarynyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak we sanlylaşdyrmak, eksport
maksatly harytlaryň möçberlerini artdyrmak babatdaky işler geljekde ykdysady
taýdan uly ösüşleriň gazanylmagy üçin şertleri döredýär. Olar ykdysadyýetiň
nebitgaz, himiýa, energetika, söwda, senagat, oba hojalygy ýaly ugurlaryny öz
içine almak bilen, ykdysady syýasatyň möhüm strategiýasyny durmuşa geçirmekde
täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady durnuklylygy
saklamak, kämil bazar ykdysadyýetini emele getirmek, dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ileri tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen
baglanyşykly berlen hasabatlar, beýan edilen makroykdysady görkezijiler kabul edilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň bolsa geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9 göterim artmagy milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durnukly ösdürmek, innowasion tehnologiýalar
esasynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak
boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistany
2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýumlaryň netijeliligini,
ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň, hyzmatlar
ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek,
sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, kiçi hem orta telekeçiligiň işini
ilerletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça
işler alnyp barylýar. Maksatnama laýyklykda şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş
depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly
ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze
kärhanalary gurmagyň hasabyna müňlerýe täze iş ornuny döretmek
meýilleşdirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» laýyklykda işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan
işleriň, kiçi, orta we iri telekeçiligiň geriminiň giňemegi esasynda
ykdysadyýetde hususy pudagyň paýy yzygiderli artýar. Kiçi we orta telekeçiligi
mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürligi kämilleşdirmegiň
hasabyna ykdysadyýetde hususy taraplaryň we jemi içerki önümiň düzüminde
hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmak syýasatyny alyp
barmak bilen, Türkmenistan amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini
döredip, telekeçilik işini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Bu ugurdaky degişli
kadalaşdyryjy hukuknamalar kämilleşdirilýär, netijeli býujet, salgyt, pul-karz
syýasatlary durmuşa geçirilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň
netijesinde hususy telekeçileri ýyl-ýyldan täze iş ugurlaryny özleşdirýärler,
daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini içgin öwrenýärler, işewür hyzmatdaşlar
bilen gatnaşyklary ýola goýýarlar hem-de ýurdumyzy kuwwatly, senagat taýdan
ösen döwlete öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda hususy kärhanalaryň we telekeçileriň
önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdeleriniň
berilmegi, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli
şertlerde karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Bank ulgamynda hödürlenilýän
sanly hyzmatlaryň görnüşleri, elektron tölegleriň gerimleri artdyrylýar,
ykdysadyýeti ösdürmäge maliýe goldawy berlip, milli puluň hümmetini durnukly
saklamak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Maksatnama laýyklykda şu ýylyň ýanwar-iýun
aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7
göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi
önümçilik, 55,2 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna
gönükdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzda 17,8 milliard manat möçberinde düýpli
maýa goýumlar özleşdirildi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende 15,6 göterim artandygy bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň
ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmek, hususyýetçileri döwlet tarapyndan
goldamak, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady
bilen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak, şeýle-de maýa
goýum taslamalaryny uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriniň hasabyna
maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleriň berilmegi dowam edilýär. 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan
emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,2 göterim artdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda oňyn
görkezijileriň gazanylmagy oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi
bilen birlikde, döwletimiz tarapyndan gönükdirilýän maýa goýumlaryň üstünlikli
özleşdirilýänliginiň netijesidir. Ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň amala
aşyrylmagy, innowasion önümçilikleriň işe girizilmegi, öňden hereket edýän
kärhanalaryň durkunyň täzelenmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçiligiň ýokarlanmagyna, täze iş
orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam
berýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizde okgunly ösüşler gazanylýar. Bu
ösüşler mähriban halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşyny üpjün edip, geljekki
rowaçlyklarynyň binýadyny berkidýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň
bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik
işleri rowaç bolsun !
Begençmyrat Ilamanow,
Türkmen-Türk
paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe
hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň
müdiriniň orunbasary